Turkmenportal logo
17.06.23
4122641226
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçisi Batken sebitiniň gubernatorynyň orunbasary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçisi Batken sebitiniň gubernatorynyň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Gyrgyzystan Respublikasyndaky ilçisi Şadurdy Meredow Batken sebitinde bolan döwründe Gyrgyzystanyň hökümetiniň Batken sebitindäki ygtyýarly wekiliniň (gubernatoryň) birinji orunbasary Marufan Tulaýew bilen duşuşdy.


Duşuşykda, hususan-da, Türkmenistanyň Ahal welaýaty bilen dogan sebitler bolan Gyrgyzystanyň Batken sebitiniň arasynda sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


Şeýle hem türkmen ilçisi M.Tulaýewi 29-njy iýunda açyljak Arkadag şäheri bilen hem tanyşdyrdy diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web sahypasynda habar berilýär.