A.Žaýnakow adyndaky Batken welaýat sazly-drama teatrynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp goýlan «Pyragy» oýnunyň nobatdaky görkezilişi boldy. 15-nji iýunda bolan görkezilişe Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ş.Meredow, Gyrgyz Respublikasynyň medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministriniň birinji orunbasary K.Imanaliýew we köp sanly tomaşaçylar gatnaşdy.
K.Imanaliýew oýnuň goýulşyna, artistleriň we režissiýoryň işine uly baha berip, türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragyny gyrgyz halkyna tanatmakda eden ägirt uly işleri üçin olara minnetdarlyk bildirdi.
Şol gün ilçi Gyrgyz Respublikasynyň hökümetiniň Batken welaýaty boýunça doly ygtyýarly wekiliniň (gubernatorynyň) birinji orunbasary Marufhan Tulaýew bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşykda sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek, hususan-da, doganlyk welaýatlar bolan Türkmenistanyň Ahal welaýaty bilen Gyrgyzystanyň Batken oblastynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de M.Tulaýew «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurulýan Arkadag şäheri bilen tanyşdyryldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.