Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Anyk Teklip» taplanan aýnadan döwrebap duş kabinalaryny hödürleýär

12:1216.06.2023
0
31413

«Anyk Teklip» kompaniýasy müşderilerine sargyt esasynda aýnadan duş kabinalaryny ýasamak hyzmatyny hödürleýär.

Aýna kabina – bu hammam otagynda gurnamak üçin özboluşly gurluşdyr. Ol otagyň reňk aýratynlyklaryna garamazdan, islendik stildäki bezelen gurşaw bilen kynçylyksyz sazlaşyp bilýär.

Öndüriji aýnadan taýýarlanan duş kabinalarynyň uzak ömürliligi bilen tapawutlanýandygyny belleýär. Dogry we aýawly çemeleşilen ýagdaýynda olar ulanylýan materialyň könelmeýändigi we başga bir görnüşde bozulmaýandygy sebäpli (beýleki önümlerden tapawutlylykda) birnäçe onýyllygyň dowamynda hyzmat edip bilýärler.

Müşderiniň haýyşy boýunça kabinanyň aýnasyna islendik bezeg şekilleri, mysal üçin, grawirlenen nagyşlar çekilýär. Şol bir wagtyň özünde, gurluşyň berklik aýratynlyklary üýtgemeýär.

Ýatlatsak, «Anyk Teklip» kompaniýasy aýnany gaýtadan işlemek we aýna gurluşlaryny, şeýle hem alýumin we plastik (PWH) penjire hem-de gapy çarçuwalaryny, iki gat aýnaly penjireleri, duş kabinalary üçin taplanan aýnadan gapylary we aşhana üçin aýnadan «ötrükleri», reňkli aýnadan witražlary we ş.m. öndürmek boýunça möhüm çözgütleri hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryny hödürleýär. «Anyk Teklibiň» hünärmenleriniň kömegi bilen türkmenistanlylar aýna gurluşlaryň şekillerini we dizaýn görnüşlerini saýlamakda çäksiz mümkinçiliklere eýe boldular.

«Anyk teklip» kompaniýasynyň ýerleşýän salgysy: Ahal welaýaty, Ak Bugdaý etraby, Gämi geňeşligi, Senagat zolagynyň çägi, Zergär köç., 3-nji jaý.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 59 57 79, (+993 61) 94 07 07.

Elektron poçta salgysy: anykteklip@mail.ru.

Sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň