Ozal habar berşimiz ýaly, 15-nji iýunda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mejlisler zalynda «Energetiki nukdaýnazarlar we uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň täze tehnologiýalary we ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň öň ýanynda guralan söhbetdeşlikde energetika ulgamy, Türkmenistanyň nebitgaz pudagyndaky öňegidişlikler we mümkinçilikler barada pikir alşyldy. Teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. Elýeterli we arassa energiýa barada ýaşlaryň garaýşy diňlenildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
20 döwletden 800-den gowrak wekili bir ýere jemlän maslahat tapgyrlaýyn üç bölümde geçirildi. Maslahatyň birinji mejlisinde täze tehnologiýalar we energiýa geçiş, ikinji mejlisinde zyňyndylary doly aýyrmak we monetizasiýa üçin metan we uglerod zyňyndylaryny azaltmak hakynda, üçünji mejlisde bolsa arassa energiýany öndürmekdäki başlangyçlar, ekologiýa we howa boýunça maliýeleşdirmegiň täze mümkinçilikleri barada söhbet edildi.
Bu ýerde edilen çykyşlarda «Uglerod barlagy — uglerod bitaraplygy ugrunda üstünlik gazanmagyň guraly», «Nebit we gaz pudagynyň öňünde durýan kynçylyklary ýeňip geçmekde Halkara direktorlar geňeşiniň (SPE International) orny», «Metan we uglerod zyňyndylaryny azaltmak. Monetizasiýa we önümçilik» ýaly temalara giň orun berildi.