Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Maý aýynda türkmenistanlylaryň 7 müňden gowragy Özbegistana syýahat etdi

17:4115.06.2023
0
53908

2023-nji ýanwar — maý aýlarynda 21 müňden gowrak türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet statistika agentligi habar berdi.

Ýylyň başyndan bäri Özbegistana syýahat etmek maksady bilen baran raýatlarynyň sany boýunça Türkmenistan 6-njy orny eýeleýär. Şu ýylyň bäş aýynda jemi 21,2 müň türkmenistanly goňşy ýurda syýahat edipdir.

Bu ugurda ilkinji bäşlikde Täjigistan (797 müň), Gazagystan (656 müň), Gyrgyzystan (649 müň), Russiýa Federasiýasy (279 müň) hem-de Türkiýe (39 müň) ýaly ýurtlaryň ady getirilýär.

Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Özbegistana gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň umumy sany 2,6 milliona deň bolupdyr.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň dört aýynda Türkmenistanyň raýatlarynyň 14,2 müňden gowragy Özbegistana syýahat edipdi. Şuny hasaba alsak, diňe soňky bir aýyň dowamynda 7 müňden gowrak türkmenistanlynyň syýahat etmek üçin Özbegistana barandygyny görmek bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň