Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenbaşydaky «Çarlak» myhmanhanasy döwrebap kinoteatry guramak boýunça teklipleriň kabul edilýändigini habar berýär

11:5115.06.2023
0
37235

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki «Çarlak» myhmanhanasynyň dolandyryş ulgamy myhmanhananyň birinji gatyndaky 90 adamlyk mejlisler zalynda döwrebap kinoteatry guramak boýunça teklipleri kabul edýär.

Kinoteatr üçin enjamlar gurnalanda aşakdaky talaplar ýerine ýetirilmelidir:

  • kinoteatryň diwarlary ses geçirmeýän paneller bilen örtmek,
  • ýokary hilli häzirki zaman akustikany gurnamak;
  • ýokary durulykly proýektory we giň göwrümli ekrany gurnamak;
  • maglumatlary saklamak üçin uly kompýuter serwerini gurnamak;
  • petekleri onlaýn bronlamak üçin programma üpjünçiligini işläp düzmek we kinoteatryň öz web-saýtyny döretmek.

Kino üçin niýetlenen mejlisler zaly kärendesine berlip ýa-da kinoteatra öwürmek üçin ynançly dolandyrma geçirilip bilner.

Teklipler şu salga iberilmeli: Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar köç., 8-nji jaý.

Habarlaşmak üçin telefon: (+993 243) 6 06 00.

Elektronpoçta salgysy: charlakotel@sanly.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň