Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Awazada halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

17:0514.06.2023
0
26142

Şu gün günüň birinji ýarymynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» çagalar sagaldyş merkeziniň mejlisler zalynda «Awaza — 2023» halkara tans we folklor festiwalynyň çäklerinde «Folklor döredijiliginiň we halk tansynyň dessurlary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Sagaldyş merkeziniň girelgesinde Balkan welaýatynyň Medeniýet merkeziniň, çagalar çeperçilik hem-de sungat mekdepleriniň bilelikde guramagynda saz gurallarynyň ýasalyşynyň, el işleriniň ýerine ýetirilişiniň, zergärçilik sungatynyň inçe syrlaryny dolulygyna açyp görkezýän hem-de çagalaryň surat eserleriniň sergisi guraldy. ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen dutaryň ýasalyş aýratynlyklary bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.

Halkara maslahatda ýerli hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň çykyşlarynda dünýä halklarynyň folklor döredijiliginiň we halk tansynyň dessurlarynyň iň gadymy görnüşleriniň inçe syrlary barada giňişleýin söhbet edildi. Dünýä halklarynyň tanslarynyň, folklor çykyşlarynyň birnäçesi ýerine ýetirildi.

Şeýle hem Hazar deňziniň kenaryndaky ajaýyp interaktiw suw çüwdürimli seýilgäh toplumynyň amfiteatrynda daşary ýurtly tans we folklor toparlarynyň konserti guraldy. Günüň batyp gelýän çagynda emele gelen gyzyl reňkli ýaýraň tebigy şapagyň ýalkym saçýan pursadyndaky dabarada Russiýanyň Garri Polewoý adyndaky «Ogonki», Gazagystanyň «Jorga» we «Aktau sazy», Täjigistanyň «Lola», Rumyniýanyň «Transilwaniýa», RF-niň Tatarystan Respublikasynyň «Riwaýat», Eýranyň «Zendegi Mazandaran», Hindistanyň «Bihu», Hytaýyň Sinhaý welaýatynyň medeniýet, sungat we syýahatçylyk mekdebiniň, Özbegistanyň «Parwoz» hem-de «Bogdon» toparlarynyň ýerine ýetiren biri-birinden täsirli çykyşlary tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmasyna mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň