Soňky habarlar

Arhiw

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýanyň çempionatynda bürünç medal eýeledi

15:1414.06.2023
0
40424

Türkmenistanly türgen Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Bişkek şäherinde 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilýän Aziýanyň çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy.

71 kilograma çenli agram derejesinde düşekçä çykan türkmen türgeni üçünji orun ugrundaky tutluşykda mongoliýaly Bilguundalaý Purewdagwany 10:0 hasabynda ýeňdi.

Bürünç medala uzaýan ýolda bolsa ol gyrgyzystanly Adilet Akylbekowdan 13:8, özbegistanly Asadbek Faýzullaýewden 10:0 hasabynda üstün çykdy. Ýarym final tutluşygynda bolsa Seýedabolfazl Seýed Aýub Hosseýniden 2:12 hasabynda utulyp, bürünç medal ugrundaky göreşe goşulmaly boldy. Bu agram derejede altyn medaly gazagystanly türgen Nurdaulet Seilbekow gazandy.

Bürünç medallaryň ikinjisine bolsa koreýaly Ýonsu Liden üstün çykan hindistanly türgen Narender Narender mynasyp boldy.

Ýaryş 18-nji iýunda tamamlanar. Ol 17 ýaşa we 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda aýry-aýrylykda geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň