Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsuly Nury Gölliýew general-admiral F.Apraskin adyndaky Kaspi deňiz we derýa ulaglary institutyna bardy. Bu barada Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygynyň resmi web sahypasynda habar berildi.
Bu ýerde N.Gölliýew Astrahan sebitiniň daşary gatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow we institutyň müdiri Olga Kartaşowa bilen duşuşdy.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan üçin ýöriteleşdirilen hünärmenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek ýaly, ylmy we bilim ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
Instituta saparyň dowamynda O.Kartaşowa konsuly bilim prosesiniň aýratynlyklary we suw ulaglary boýunça hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen işler bilen tanyşdyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar bilim we ylym pudagynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy berkitmäge ynam bildirdiler we olary ösdürmek boýunça birnäçe ugurlary beýan etdiler.