Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

22:0813.06.2023
0
27259
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşlary boýunça Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş saparynyň barşynda täze şäherde we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri halkalaýyn ýoluň abadanlaşdyrylyş derejesi bilen tanşyp, bu ýerde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmalydygyny, gurluşyk we bezeg işleriniň döwrüň ruhuna laýyk derejede ýerine ýetirilmelidigini tabşyrdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň çäklerinde Aba Annaýew adyndaky şäherçäniň we Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ýerleşýändigini nazarda tutup, şäherde ýaşaýan adamlaryň işe gelip gitmekleri, çagalaryň çagalar baglaryna, okuwçylaryň bolsa mekdeplere bökdençsiz gatnap bilmekleri bilen baglanyşykly meseleleriň üns merkezinde saklanmalydygyny belledi. Şunda duralgalaryň degişli ýerlerde gurulmalydygy, ýolagçylaryň amatly gatnawyny üpjün etmek maksady bilen, ýol-ulag düzümine degişli hereketleriň sazlaşygynyň ýola goýulmalydygy bellenildi.

Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň ýokary derejede ýol-ulag düzümi döredildi. Şäheriň aýna ýaly köçeleriniň ugrunda döwrebap ýol belgileri ýerleşdirildi hem-de kämil yşyklandyryjylar ornaşdyryldy. Bu bolsa ulaglaryň, şeýle-de ýolagçylaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek bilen, döwrebap mümkinçilikleriň ýola goýlandygyny görkezýär. Ulaglaryň howpsuz hereket etmekleri üçin şäheriň çäginde döredilen sanly ulgamyň aýratynlyklaryndan peýdalanylýar.
Iş saparynyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine-de baryp, onuň ulag duralgasynyň desgalarynyň talabalaýyk saklanmalydygyny, olaryň uzak möhletleýinligine, berkligine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu ugurda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Desgalaryň bezeg we abadanlaşdyryş işlerine birnäçe bellikleri aýdyp, Halk Maslahatynyň Başlygy bu işleriň hemişelik gözegçilikde saklanmalydygyny belledi we degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna hem bardy. Bu ýerde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň binagärlik keşbiniň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelmelidigi, şunda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň işjeň ulanylmalydygy, munuň bolsa toplumyň binalarynyň bir bitewi sazlaşygy emele getirmeginde aýratyn ähmiýetlidigi bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň