Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe ýurduň Abaý oblastynda emele gelen giň gerimli tokaý ýangynlary we olaryň adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan, gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çeken sebitlere bolsa tiz wagtda dikelmegi baradaky dileglerini beýan etdi.
