Turkmenportal logo
11.06.23
3453234532
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Futbol» teleýaýlymy CAFA Nations Cup-2023-iň Türkmenistanyň we Täjigistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky oýny göni ýaýlymda görkezer
«Futbol» teleýaýlymy CAFA Nations Cup-2023-iň Türkmenistanyň we Täjigistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky oýny göni ýaýlymda görkezer

Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň Milletler Kubogynyň «A» toparçasynyň deslapky oýny bolan Türkmenistan — Täjigistan «Futbol» täjik sport ýaýlymy arkaly göni ýaýlymda görkeziler. Bu barada telekompaniýanyň resmi saýtynda habar berildi.


Duşuşyk Daşkent şäherindäki «Pahtakor» stadionynda geçirilip, Aşgabat wagty bilen 18:30-da başlanar.


Türkmenistanda ýaşaýan köpsanly futbol janköýerleri IPTV ulgamynyň üsti bilen, bu oýna «Futbol» teleýaýlymy arkaly tomaşa edip bilerler.


Ýeri gelende ýatlatsak, CAFA-nyň Milletler Kubogy 10-20-nji iýun aralygynda Bişkek (Gyrgyzystan) we Daşkent (Özbegistan) şäherlerinde geçiriler. Ýaryşa Owganystanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň hem-de Omanyň milli ýygyndylar gatnaşýar.


Bijä laýyklykda, Türkmenistanyň milli ýygyndysy «A» toparçada Özbegistan, Täjigistan we Oman bilen güýç synanyşar.


Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň CAFA Nations Cup 2023-de geçirjek oýunlarynyň senenamasy:


11-nji iýun (ýekşenbe)


18:30 / Täjigistan – Türkmenistan, «Pahtakor» stadiony


14-nji iýun (çarşenbe)


20:30 / Türkmenistan – Özbegistan, «Bunýodkor» stadiony


17-nji iýun (şenbe)


18:30 / Türkmenistan – Oman, «Pahtakor» stadiony