«Türkmenhowaýollary» täze howa gämilerini satyn alar

22:5810.06.2023
0
48813

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligine 4 sany «Boeing 737-8» kysymly howa gämisini satyn almak barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Boeing» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Şeýle-de döwlet Baştutanynyň gol çeken ýene bir Kararyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligine 2 sany «Boeing 777-367/ER» kysymly howa gämisini satyn almak barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň degişli kompaniýalary bilen üçtaraplaýyn şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Bu resminamalar «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle-de howa gämileriniň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak we uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň