Top.Mail.Ru

Mergen Orazow we Arslanmyrat Amanow CAFA-nyň çempionatynda Täjigistanyň ýygyndysy bilen boljak duşuşykdan ozal metbugat maslahatyny geçirdiler

20:3910.06.2023
0
28576

Şu gün Daşkent şäherinde Merkezi Aziýanyň çempionatynyň birinji tapgyrynyň duşuşyklarynyň öňüsyrasynda metbugat maslahaty geçirildi. Onda Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow we kapitan Arslanmyrat Amanow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna jogap berdi.

Türkmen ýygyndysynyň «CAFA Nations Cup ― 2023»-däki ilkinji duşuşygyny ertir ― 11-nji iýunda Täjigistanyň ýygyndysyna garşy geçirjekdigini ýatladýarys.

― Ýaryş barada pikiriňizi aýdaýsaňyz

― Ilkinji bellenilmeli ýagdaý bu ýaryşyň Merkezi Aziýanyň futboly üçin uly ädim bolmagydyr. Meniň pikirimçe, sebit ýaryşy Merkezi Aziýada futboluň ösmegine uly ýardam berer. Biziň ýaryşdan umydymyz uly, ol milli ýygyndymyz üçin örän möhüm synag bolar. Çempionatda Türkmenistanyň ýygyndysynyň mynasyp derejede çykyş etjekdigini aýdyp bilerin.

― Badalgadan ozal ilkinji çempionat baradaky pikirleriňizi hem paýlaşaýsaňyz.

― Çempionat ähli ýygyndylar üçin peýdaly bolar. Garşydaşlar güýçli, ýöne biz öz oýnumyzy orta goýarys.

― Geçen ýyl Türkmenistanyň 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy Daşkentde geçirilen Aziýa çempionatynda ýatda galyjy oýny orta goýdy. Milli ýygyndynyň baş tälimçisi hökmünde şol ýaryşa gatnaşan ýigitleri hem göz öňünde tutuduňyzmy? Çempionatda siziň şägirtleriňizden nähili netijelere garaşyp bileris?

― Ilkinji maksadymyz ― toparçadan üstünlikli çykmak. Düzümdäki futbolçylarymyzyň köpüsi täze. Biz birnäçe taktiki usullary synap görmekçi. Iň uly maksadymyz bolsa, çempionatda üçünji ýa dördünji orunlaryň birini eýelemek.

― Täze döredilen «Arkadag» futbol toparynyň milli ýygyndynyň oýunçylarynyň agramly bölegini özünde birleşdirmegi ýygyndynyň bu çempionatdaky oýunlaryna nähili täsir eder?

― Milli ýygyndynyň baş tälimçisi hökmünde şägirtlerimiň agramly böleginiň bir toparda çykyş etmegini özüm üçin artykmaçlyk hasaplaýaryn. Topardaş futbolçylar milli ýygyndyda hem sazlaşykly oýnap bilerler. Ýöne, üns beren bolsaňyz, biziň düzümimizde ýurdumyzyň we daşary döwletleriň başga toparlarynda çykyş edýän futbolçylar hem kän.

― Ilkinji duşuşygyňyzy Täjigistanyň ýygyndysyna garşy geçirersiňiz. Bu duşuşykdan garaşýan netijäňiz barada aýdaýsaňyz.

― Garşydaşy öwrenýäris. Ertir iň gowy oýnumyzy orta goýup, 3 utugy gazanmak üçin elimizden gelenini gaýgyrmarys.

― Arslanmyrat, siz köp ýyllaryň dowamynda Özbegistanyň çempionatynda futbol oýnadyňyz. Toparçalaýyn tapgyrda-da garşydaşlaryňyzyň biri özbek ýygyndysy. Siziň bu duşuşykdan garaşýan netijäňiz nähili?

― Elbetde, men Özbegistanda birnäçe ýyllap futbol oýnadym. Şonuň üçin hem özbek ýygyndysynyň güýjüne belet. Özbegistanyň gowy düzümi bar, ýöne biz olar bilen boljak duşuşyga-da jogapkärçilikli taýýarlyk görýäris. Garşydaş güýçli, ýöne biziň hem öz meýillerimiz bar. Hiç bir garşydaşymyzdan çekinmeýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň