Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesindäki Kikboksing mekdebi çagalar we ýetginjekler toparyna kabul edýär

20:0010.06.2023
0
43467

Aşgabatda ýerleşýän Kikboksing mekdebi taýýarlygyň dürli görnüşi boýunça 6 ýaşdan 18 ýaşa çenli çagalar we ýetginjekler toparyna kabul edişligiň başlanandygyny yglan edýär.

Kikboksing — başa-baş söweş sungatynyň özboluşly bir görnüşi bolup, el hem-de aýak urgularynyň tilsimlerini özünde jemleýär. Bu ýerde öwrenijiler bilen «full-kontakt» we «K-1» derejelerinde Aziýanyň hem-de Türkmenistanyň çempiony Nurmuhammet Atabaýew türgenleşik geçirýär.

Atabaýew iş usullary 20 ýyldan gowrak wagt bäri halkara arenasynda Türkmenistana yzygiderli ýokary netijeleri getirýän Türkmenistanyň abraýly tälimçisi Aleksandr Snagowskiniň şägirdidir. Onuň ýolbaşçylygynda tälimçi Nurmuhammet Atabaýew ýaly zehinli türkmen türgenleriniň köp nesli tälim aldy.

Kikboks bilen meşgullanmak fiziki taýdan täsirli bolup, egin guşagyňy, elleriň we pressiň myşsalaryny berkidýär. Ol urgulary kabul etmekde duýgurlygy, koordinasiýany, çeýeligi, deňagramlylygy saklamagy hem-de tiz hereket etmegi ýokarlandyrýar.

Fiziki täsir bilen birlikde bu ugurdan geçirilýän türgenleşikler adamyň içki duýgy-düşünjelerine-de oňyn täsirini ýetirýär: özüňe bolan ynamy artdyrýar, kynçylyklary ýeňip geçmäge ýardam edýär.

  • Türgenleşikleriň tertipnamasy: duşenbe/çarşenbe/anna we sişenbe/ penşenbe/şenbe;
  • Ýerleşýän salgysy: Aşgabat şäheri, Olimpiýa şäherçesi;
  • Wagty: 9:00 – 10:30 we 19:00 – 21:00;
  • Telefon belgisi: (+99 3 61) 50 03 60.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň