Soňky habarlar

Arhiw

Medialigada oýnaýan futbolçy Türkmenistanyň ýygyndysynyň Russiýadaky türgenleşiklerine çagyryldy

15:1210.06.2023
0
40236

Russiýanyň Mediligasynda ýaryşýan «Bus» futbol toparynyň türkmenistanly wekili Oraz Ataýew türkmen ýygyndysynyň 2 ― 9-njy iýun aralygynsa Moskwa oblastyndaky Ýegorýewsk şäherinde geçirilen okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna çagyryldy.

«Tomsuň ilkinji günlerinde biziň toparymyzyň futbolçysynyň Türkmenistanyň milli ýygyndysyna çagyrylýandygy barada ýörite hatyň gelip gowuşmagy bizi begendirdi. Biz Oraza örän buýsanýarys we oňa üstünlik arzuw edýäris» diýip, klubyň metbugat gullugy telegram-kanalynda ýazdy.

Oraz Ataýewiň milli ýygynda ilkinji gezek çagyrylmandygyny aýtmak gerek. 2020-nji ýylda ol baş tälimçi Ante Mişe tarapyndan Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna we Kataryň Olimpiýa ýygyndysy bilen bolan ýoldaşlyk duşuşygyna hem çagyrylypdy.

22 ýaşly Oraz Ataýew Ispaniýanyň Segunda ligasynda çykyş edýän «Lugo» toparynyň uçurymydyr. Ol Ispaniýanyň çempionatynyň üçünji dwizionynda ýaryşýan «Leones» toparynyň hem ýaşlar we esasy düzümlerinde futbol oýnapdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň