Soňky habarlar

Arhiw

EYR-iň Beýik ruhy lideriniň orunbasary Eýranyň Medeniýet merkezine bardy

19:2609.06.2023
0
41470

8-nji iýunda Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideriniň halkara gatnaşyklar boýunça orunbasary jenap Aýatullah Mohsen Gomi ýurduň Medeniýet merkezine bardy. Bu ýerde ol pars dilini öwrenýän türkmen diňleýjileri bilen gürrüňdeş boldy.

Duşuşykda jenap Aýatullah Mohsen Gomi we pars dilini öwrenýän türkmen diňleýjilerine däp-dessurlaryň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet berdiler. Ýeri gelende bellesek, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hem bu meseläni hemişe üns merkezinde saklaýar.

Soňra hormatly myhman pars dili öwrenýän türkmenlere başyna baran işiňde üstünlik gazanmak üçin yhlas bilen ýapyşmakdan hiç wagt ýüz döndermeli däldigini maslahat berdi. Sebäbi janyň-teniň bilen ýapyşmak we yhlasly zähmet çekmek üstünligiň we maksada ýetmekligiň açarydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň