Soňky habarlar

Arhiw

Tokaýew Merkezi Aziýa ýurtlaryny suw howpsuzlygy meselesini bilelikde çözmäge çagyrdy

16:0009.06.2023
0
33365

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Merkezi Aziýa ýurtlaryny suw gorlary babatdaky meseläni bilelikde çözmäge çagyrdy. Ol bu barada gazak paýtagtynda geçýän «Astana» halkara forumynda eden çykyşynda aýtdy diýip, «MIR 24» ýazýar.

Tokaýew munuň üçin öz ýurdunda BMG-niň howandarlygynda sebit howa sammitini geçirmegi teklip etdi. Ol sebitiň ýurtlarynyň golaý geljekde ekologik heläkçilik bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini nygtady. Munuň sebäpleriniň biri-de suw howdanlarynyň guramagydyr. Mysal üçin, sebitiň iri derýalary Syrderýa bilen Amyderýanyň suwunyň derejesi 2050-nji ýyla çenli 15 göterime çenli peselip biler.

Bu ady tutulan derýalaryň suw goruny ulanýan ýurtlar üçin ýaramaz täsir edip biler.

Tokaýew bular barada aýtmak bilen, sebitiň ýurtlaryny suw gorlarynyň azalmagy boýunça meseläni bilelikde çözmäge çagyrdy.

Tokaýewden soň forumda çykyş eden Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow energiýa göterijileriniň ýetmezçiligi we nyrhynyň gymmatlamagy bilen baglylykda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri barha ilkinji orna çykýar diýip, nygtady. Gyrgyzystan suw energetikasy ulgamynda uly mümkinçiliklere eýedir, emma ýurt onuň diňe 13 göterimini peýdalanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň