Aşgabatda geçirilýän 12 ýaşly we şondan kiçi oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynda Türkmenistanyň tennisçileri Özbegistanyň toparyny taryhda ilkinji gezek ýeňmegi başardylar diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýty habar berýär.
Uzak ýyllaryň dowamynda türkmenistanly tennisçilere Özbegistanyň tennis ýygyndysy ýeňip bolmajak garşydaş hasaplanýardy. Dürli ýaş derejesinde geçirilen sport ýaryşlarynda özbegistanly tennisçiler Türkmenistanyň tennis ýygyndysyndan üstün çykyp gelýärdi. Türkmen türgenleri üçin gynandyryjy bolan bu däbi 12 ýaşdan hem kiçi bolan ýaş tennisçilerimiz Aşgabatda geçirilýän sport ýaryşynda üýtgetmegi başardylar. Aşgabatdan ýaş türgenler Süleýman Hudaýberdiýew, Nazargeldi Amangeldiýew, Türkmenabatdaky sport mekdebiniň türgeni Aly Geldiýew Olimpiýa şäherçesinde geçirilýän sport ýaryşynyň dördünji gününiň gahrymanlary boldular.
Ýekeleýin geçirilen iki oýunda Aly Geldiýew özbegistanly garşydaşy Artýom Dogoworowa diňe bir utuk gazanmaga mümkinçilik berdi: 6:1, 6:0. Ýekelikde geçirilen ikinji duşuşykda Süleýman Hudaýberdiýew garşydaşy Islomjon Tursonowyň üstünden ynamly ýeňiş gazanmagy başardy: 6:1, 6:2. Onuň bu ýeňşi Türkmenistanyň ýygyndysyna wagtyndan öň ýeňiş gazanmaga mümkinçilik döretdi.
Ýekeleýin geçirilen duşuşyklarda zerur netijeleri gazanmagy başaran ýygyndynyň tälimçisi Ýuriý Rogusskiý jübütlikde geçirilýän nobatdaky duşuşykda oýunçy çalşyp, ýaş tennisçiler Aly Geldiýewe we Nazargeldi Amangeldiýewe öz ussatlyklaryny görkezmäge şert döretdi.
Özbegistanly tennisçiler Kamranbek Tohirow we Artýom Dogoworow türkmen tennisçilerine garşy jübütlikde geçirilen duşuşygyň birinji oýunda birbada 2:0 utuk bilen öňe saýlanan hem bolsalar, Ýuriý Rogusskiniň şägritleri oýnuň depginini üýtgedip, 6:2 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardylar.
Duşuşygyň ikinji seti örän çekeleşikli boldy. Türkmenistanly tennisçiler birbada 3:0 utuk toplan bolsalar hem, soň biraz gowşadylar we özbegistanly garşydaşlaryna hasaby deňlemäge mümkinçilik döretdiler. Muňa garamazdan, ýaş türkmen türgenleri oýnuň depginini ellerinde saklap, ikinji seti 6:4 hasabynda ýeňiş bilen tamamladylar.
Umumy hasapda Özbegistanyň ýygyndysyndan 3:0 hasabynda üstün çykan Türkmenistanyň ýygyndysy ýaryş tertipnamasynda ikinji orna geçdi. Şeýlelikde, 12 ýaşly we şondan kiçi oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynda Türkmenistanyň oglanlar ýygyndysyna ilkinji gezek kümüş medal gazanmaga mümkinçilik döredi. Munuň üçin, türkmen ýygyndysyna ýaryşyň jemleýji gününde Täjigistanyň toparyny ýeňmek ýeterlikdir.
Türkmenistanyň gyzlar ýygyndysy barada aýdylanda, olar şu günki özbegistanly garşydaşlaryna geçiren duşuşykda 0:3 hasabynda asgyn geldiler. Indi olar sport ýaryşynyň jemleýji gününde täjigistanly garşydaşlary bilen bürünç medal ugrunda göreşerler. Bürünç medala Gyrgyzystanyň gyzlar ýygyndysynyň hem dalaş edýändigini bellemelidiris. Altyn medal ugrunda gyzlaryň arasyndaky duşuşyklar Gazagystanyň we Özbegistanyň ýygyndylarynyň arasynda geçiriler.
Türkmenistan Halkara tennis federasiýasynyň we Aziýanyň tennis federasiýasynyň howandarlygynda geçirilýän tennis boýunça sebit ýaryşyny ikinji gezek kabul edýär. 4 ýyl mundan ozal, Aşgabatda geçirilen 12 ýaşly we şondan kiçi oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynda türkmen toparlary 3-nji orny eýeläpdiler.