Turkmenportal logo
09.06.23
2503425034
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen wekiliýeti Serhet goşunlarynyň serkerdeler geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti Serhet goşunlarynyň serkerdeler geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Surat: dsx.gov.az

Bakuwda GDA ýurtlarynyň döwlet serhetlerinde durnuklylygy üpjün etmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Azerbaýjanyň paýtagtynda Arkalaşygyň ýurtlarynyň Serhet goşunlarynyň serkerdeler geňeşiniň 86-njy mejlisi geçirildi diýip, «Sputnik» habar berýär.
Mejlisde Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri duşuşdy. Taraplar işgärleri taýýarlamak we bilelikdäki türgenleşiklerdäki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.



Duşuşykda Serkerdeler geňeşiniň işini gysga we orta möhletde meýilleşdirmek boýunça 19 resminama gol çekildi.
Indiki mejlisiň şu ýylyň oktýabr aýynda Ermenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýär.