Soňky habarlar

Arhiw

Wengriýanyň Premýer-ministri Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň dabaralaryna çagyryldy

20:5108.06.2023
0
45080

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýanyň Hökümetiniň baştutany Wiktor Orbany Gündogaryň ajaýyp şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýunyň dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýty habar berdi.

Çeşmäniň ýazyşy ýaly, medeni-ynsanperwer ulgam ikitaraplaýyn gatnaşyklarda möhüm orun eýeleýär. Umumy pikire görä, iki dostlukly halkyň taryhy ýakynlygy medeniýet we sungat ulgamlarynda işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly esasy döredýär.

Duşuşygyň dowamynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýylda Türkmenistanda şanly senäniň - Gündogaryň ajaýyp şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýunyň dabaraly ýagdaýda belleniljekdigini ýatladyp, wenger tarapyny şu mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň