Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň we GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlislerine gatnaşýar

16:4108.06.2023
0
35911
Türkmen wekiliýeti Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň we GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlislerine gatnaşýar
Surat: mfa.gov.tm

Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisleri başlandy.

7-nji iýunda başlan çärelerde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow ýolbaşçylyk edýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Mundan başga-da, Soçide Türkmenistanyň wekiliýeti 3-nji Ýewraziýa kongresiniň we GDA-nyň we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň 2-nji ýaşlar forumynyň işine gatnaşýar.

Şu gün, 8-nji iýunda meýilleşdirilýän çäreleriň çäginde Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň we Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşiginiň sergi önümleri görkeziljek «Ýewraziýa biziň öýümiz» atly sergisi açylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň