Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenhowaýollary» zyýaratçylar üçin 8 sany ýörite ýolagçy gatnawyny ýola goýar

12:5508.06.2023
0
55517

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti, 2023-nji ýylyň haj möwsüminde Türkmenistanyň 2312 sany raýatyny haj parzyny berjaý etmekleri üçin, Saud Arabystany Patyşalygyna iberilýär. Haj parzy Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde berjaý edilýär. Şu ýyl Gurban baýramy iýun aýynyň 28-29-30-y günlerine gabat gelýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin, Türkmenistanyň Müftüsiniň müdüriýeti bilen bilelikde, 2023-nji ýylyň iýun we iýul aýlarynda Aşgabat – Jidda – Aşgabat hem Aşgabat – Medine – Aşgabat ugurlary boýunça «Boeing 777-200» kysymly howa gämisinde 8 sany ýörite ýolagçy gatnawlaryny ýola goýýar. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentligi habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň