Top.Mail.Ru

Arhiw

5 aýyň jemine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi

21:5707.06.2023
0
31457
5 aýyň jemine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisiň barşynda harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri seljerildi, ýurtda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Ýaragly Güýçlerdäki işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanynyň şu edaranyň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli çözmek boýunça ýylyň başyndan bäri görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem Milli goşuny döwrebap tehniki serişdeler bilen üpjün etmek hem-de ýaş esgerleri watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Hasabatyň dowamynda harby gullukçylary Ýaragly Güýçlerden boşatmak we Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak barada hem aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletiň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň düzgünleriniň takyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi. Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy goşunlaryň ähli kysymlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyny gaýragoýulmasyz çäreleriň hatarynda kesgitläp, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, esgerleriň we serkerdeleriň netijeli gulluk etmegi hem-de kadaly durmuşy üçin amatly şertleri döretmek ugrundaky işleri yzygiderli dowam etmegiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen birlikde, Ýaragly Güýçleri ösdürmegiň Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamak barada görkezme berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti watançylyk ruhunda ýaş esgerleriň we harby talyplaryň arasynda çäreleriň guralmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda soňra ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle-de degişli edaralary ösdürmegiň Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabatlary berdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklary we anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda içeri işler ministri M.Hydyrow temmäki önümleriniň, şol sanda suw çiliminiň we elektron çilimleriň ýurda bikanun getirilmegine we ulanylmagyna garşy göreşmek boýunça harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet serhedindäki gözegçilik-geçiriş nokatlarynda guralan çäreleriň netijeleri we döwletiň çägine bikanun ýollar bilen getirilen we ele salnan önümler baradaky maglumatlar beýan edildi. Habar berlişi ýaly, hukuk bozulmalaryny amala aşyran raýatlara milli kanunçylyga laýyklykda degişli çäreler görüldi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, temmäki önümleriniň, suw çiliminiň guralynyň we şiresiniň, elektron çilimiň bikanun ýollar bilen ýurda getirilmegine, olaryň bikanun söwdasyna we ulanylmagyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barmagyň zerurdygyny belledi.

— Temmäki önümleriniň bikanun söwdasynyň doly aradan aýrylmagyna gönükdirilen we bu önümleriň ýurdumyzyň çägine getirilişine berk gözegçiligi, öňüni alyş hukuk çärelerini göz öňünde tutýan işi güýçlendirmek zerurdyr — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutany içeri işler ministrine bu serişdeleriň bikanun ýaýradylmagynyň, ulanylmagynyň, ýurduň çägine getirilmeginiň öňüni almak boýunça ugurdaş harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde zerur işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň