Turkmenportal logo
07.06.23
2042620426
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen wekiliýeti Yslamabatda TOPH gaz geçirijisi boýunça gepleşik geçirer
Türkmen wekiliýeti Yslamabatda TOPH gaz geçirijisi boýunça gepleşik geçirer
Surat: petroleum.gov.pk

Sişenbe güni Türkmeniň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň nebit ministri Musadyk Masud Malik bilen duşuşdy.


Duşuşykda taraplar özara gyzyklanýan temalary, şeýle hem 7-nji iýunda Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň Yslamabat şäherine gelmegini ara alyp maslahatlaşdylar.


Pakistanyň nebit ministriniň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň wekiliýeti bilen gepleşikleriň dowamynda TOPH (Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan) gaz geçiriji taslamasyny durmuşa geçirmekde öňegidişlikler bolar diýlip garaşylýar.