Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşyň 1-nji tapgyrynyň duşuşyklaryndan soň «Merwiň» wekili Alibek Abdyrahmanow iň netijeli futbolçylaryň başyny çekýär ― diýip, «Janköýer» sport saýty ýazýar.
Tejribeli ýarym goragçy 1-nji tapgyrda «Aşgabadyň» derwezesinden iki pökgi geçirdi. Duşuşykda «Merwiň» 4:1 hasabynda ýeňiş gazanandygyny ýatladýarys.
Şeýle hem 1-nji tapgyrda «Merwden» Musa Nurnazarow bilen Toýly Goçnazarow, «Aşgabatdan» Söhbet Allanurow, «Altyn asyrdan» Wahyt Orazsähedow, «Ahaldan» Daýanç Meredow, «Şagadamdan» Guwanç Abylow dagylar bir pökgüden geçirdiler.
«Ahalyň» goragçysy Şöhrat Söýünow bolsa ýaryşyň şu möwsüminde öz derwezesine pökgi geçiren ilkini futbolçy boldy.
1-nji tapgyr derwezelere 9 pökginiň geçirilmegi bilen tamamlandy. Diýmek, TFF-niň kubogy ― 2023-iň 10-njy goluna ertirki duşuşyklarda garaşyp bileris.