Ahal welaýatynda bugdaý oragynda kombaýnlaryň müňden gowragy işledilýär

11:4207.06.2023
0
18184

Şu ýyl Ahal welaýaty boýunça 195 müň gektarda ýetişdirilen däneden hasylyň 400 müň tonnasyny almak maksat edinilýär. Guşgursak ak bugdaýyň oragyny ýokary depginde alyp barýan oba zähmetkeşleri tehnikalaryň hyzmatyndan netijeli peýdalanýarlar. Häzir ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň 567-si, şol sanda «John Deere» kysymly däne orujy tehnikalaryň 216-sy, «CLAAS» kysymly kuwwatly kombaýnlaryň 351-si bökdençsiz işledilýär. Awtoulaglaryň 2835-si hasyly daşamaga gatnaşýar. Welaýat boýunça uly göwrümli kabul ediş nokatlarynyň 42-si we elektron terezileriň 44-si hereket edýär.

Kombaýn sazlaýjylardan, abatlaýjy mehaniklerden, kebşirleýjilerden ybarat toparlar tehnikalara iş üstünde hyzmat edýärler.

Gallaçylaryň armasyny ýetirmek we öňdebaryjylary höweslendirmek maksady bilen, daýhan birleşiklerindäki we daýhan hojalyklaryndaky meýdan düşelgelerinde gallaçylar üçin medeni-dynç alyş çäreleri geçirilýär. Günortanky arakesmede guralýan dabaralaryň barşynda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dili senaly ýaşulular zähmet adamlarynyň armasyny ýetirýärler, medeniýet we sungat işgärleri aýdym-sazly çykyşlar bilen olara ruhy lezzet paýlaýarlar, zähmet üstünligine ruhlandyrýarlar. Etrap häkimlikleri we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan yglan edilen ongünlük zähmet bäsleşikleriniň netijesinde bolsa möwsümiň öňdebaryjylary höweslendiriler.

Galla oragynyň depgininiň barha ýokarlanmagy bilen, däne taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryna hötde gelýän kärendeçileriň sany barha artýar. Borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda ýerine ýetirip, zähmet üstünligine eýe bolýan ak ekin ussatlary Gökdepe, Ak bugdaý, Kaka etraplarynda az däl. Agzalan etraplaryň tohumçylyk hojalyklarynda ýetişdirilen guşgursak ak bugdaýy degişli talaplara laýyklykda saklamak boýunça tagallalar hem ýerine düşýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň