Hindistanyň Bihar ştatynda Gang derýasynyň üstünde gurlan «Aguwani-Sultanganj» atly dört gatnawly ulag köprüsi ikinji gezek ýykyldy. Özem bu iki ýylyň dowamynda ikinji gezekdir diýip, «Times of India» gazetine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.
2022-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda bu köprüniň bir bölegini gaý äkidipdi. Ony täzeden dikeltdiler, emma ýaramaz hilli bejerilensoň, köpri ýene ýykyldy.
Köprüniň gurluşygyna 208 million amerikan dollary sarp edildi. Heläkçilikde ejir çekenler ýok diýlip, habar berilýär. Uzynlygy 3,1 kilometr bolan köprüniň gurluşygyna 2014-nji ýylda başlandy, ol 2019-njy ýylda gurlup tamamlanmalydy, emma onuň möhletini dört gezek yza süýşürdiler.