Soňky habarlar

Arhiw

Gyzylarbat etrabyndaky degirmen toplumynda 13 müň 476 tonna bugdaý üweldi

10:3506.06.2023
0
12978

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Sarp obasyndaky häzirki zaman degirmen toplumynda ýokary hil talaplaryna laýyk taýýarlanýan un täzeligi bilen sarp edijilere ýetirilýär. Toplumyň öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylan degirmeni her ýylda 50 müň tonna un öndürmäge niýetlenendir.

2023-nji ýylyň geçen hasabat döwründe bu ýerde 13 müň 476 tonna bugdaý üwelip, bellenen meýilnama 140 göterim amal edilipdir. Umumy üwelen azyklyk däneden 3 müň 369 tonna ýokary we 6 müň 738 tonna birinji sortly un taýýarlanylyp, içerki bazarlaryň sarp edijilerine ugradyldy. Şeýle hem geçen dört aýda öndürilen kepegiň möçberi 3 müň tonnadan geçýär. Kepek eýeçiligiň dürli görnüşlerinde iş alyp barýan maldarçylyk hojalyklaryna ýerlenilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Gyzylarbat etrabynyň Sarp obasynda göwrümleri, degişlilikde, 50 müň we 30 müň tonna däne saklaýan elewatorly, her gije-gündizde 200 tonna däne üwemäge niýetlenip gurlan degirmen toplumy hemişe öňdebaryjylaryň hatarynda bolmagy başarýar. Toplumyň önümçiliginde ýörite çelekleriň 6-sy bolup, olaryň her birinde 8 müň 333 tonna däne islendik howa şertlerinde talabalaýyk saklanylýar. Topluma hem demir ýol şahasy, hem awtomobil ýoly barýar. Bu ýerde dänäniň agramyny çekmek üçin uly gapanlaryň 3-si bar. Toplumda tehniki we beýleki maksatlar üçin ulanylýan önümçilik hem-de ygal suwlary bir ýere ýygnalýar, gaýtadan arassalanylýar we toplumyň howlusyndaky baglary suwarmak üçin peýdalanylýar.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depginini 120 göterime golaý ýokarlandyrmagy başaran toplumyň hünärmenleri şu ýylyň galla oragy möwsüminde ýygnaljak azyklyk ak bugdaýyň hasylyny bökdençsiz kabul etmek we ony gaýtadan işläp, harytlyk görnüşine getirmek üçin önümçilik düzümlerini irgözinden doly taýýarladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň