Turkmenportal logo
06.06.23
1908219082
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly welosportçylar Bakuwda geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşarlar
Türkmenistanly welosportçylar Bakuwda geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşarlar

Türkmenistanyň welosport boýunça milli ýygyndysy Baku şäherinde geçiriljek «Aziz Şuşa» atly halkara ýaryşa gatnaşar. Ýaryş ertir ― 7-nji iýunda başlanyp, 11-nji iýunda tamamlanar.


Azerbaýjan metbugaty ýurduň ilkinji Prezidenti Geýdar Alyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan halkara ýaryşa 16 döwletden 18 toparyň gatnaşjakdygyny habar berdi.


Halkara ýaryşda türkmen ýygyndysyndan başga-da, Azerbaýjanyň, Rumyniýanyň we Bolgariýanyň ýygydylary çykyş eder. Şeýle hem Türkiýäniň, Niderlandlaryň, Gazagystanyň, Germaniýanyň, Mongoliýanyň, Müsüriň, Filippinleriň, Belgiýanyň, Hytaýyň, Şweýsariýanyň, Italiýanyň we Ruandanyň welosport toparlary ýaryşda güýç synanyşar.


Halkara ýaryşa Türkmenistandan 6 türgen gatnaşýar.