TFF-niň kubogy: 1-nji tapgyryň duşuşyklarynyň geçiriljek ýerleri we başlanjak wagtlary belli boldy

10:3006.06.2023
0
23550

Şu gün Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berler.

Ýaryşyň birinji tapgyrynda paýtagtyň Büzmeýin etrabyndaky Sport toplumynda «Altyn asyr» bilen «Ahal» güýç synanyşar. Duşuşyk öýlän sagat 18:30-da başlanar.

Şeýle hem şu gün Bagyr ýaşaýyş toplumynyň stadionynda «Aşgabat» ― «Merw» duşuşygy geçiriler. Bu duşuşyk sagat 18-de başlanar.

Tapgyryň çäginde «Aşgabat» stadionynda «Şagadam» bilen «Energetik» güýç synanyşar. Bu duşuşyk hem sagat 18-de başlanar.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryş bir aýlawdan ybarat bolar. Alty toparyň gatnaşmagynda geçirilýän ýaryşyň ahyrynda iň kän utuk toplan topar TFF-niň kubogynyň eýesi bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň