Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

21:5605.06.2023
0
21982
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Iş maslahatynda ýurduň welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Häkimler welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleriniň, hususan-da, ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, ösüş suwuny tutmak, zyýankeşlere garşy göreşmek boýunça degişli işleriň agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirilýändigi barada aýdyldy.

Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda galla oragyna guramaçylykly girişilip, orakda ulanylýan kombaýnlary, galla kabul ediş bölümlerini we awtoulaglary bökdençsiz işletmek, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreleriň görülýändigi bellenildi.

Degişli hasabatlarda Balkan we Daşoguz welaýatlarynda galla oragyna guramaçylykly girişilmegine görlen taýýarlyk işleri, Daşoguz welaýatynda şaly ekişi tamamlanyp, häzirki wagtda oňa ideg işleriniň alnyp barylýandygy, Lebap welaýatynda bolsa bu ekiniň ekişine doly taýýarlyk görlendigi barada habar berildi.

Sebitlerde ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleriniň talabalaýyk geçirilýändigi, ýetişen hasyly ýitgisiz ýygnap almak babatda degişli işleriň alnyp barylýandygy barada hem aýdyldy.

Şeýle-de häkimler welaýatlarda Ylymlar güni mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda we binalarda gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada-da hasabat berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda möhüm möwsümiň başlanandygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany häkimlere bugdaý oragynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi, gowaça ekilen ýerlerde ideg işleriniň depginleriniň güýçlendirilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de häkimlere, degişli maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlerine bu sebitlerde bugdaý oragyna ýokary guramaçylyk derejesinde girişilmegi we möwsümde ähli düzümleriň sazlaşykly işledilmegi babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Lebap welaýatynyň häkimine sebitde şaly ekişine guramaçylykly girişilmegi babatda hem tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutany welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, häzirki wagtda oba hojalygynda örän jogapkärli we möhüm möwsümiň — galla oragynyň başlanandygyny hem-de bu möwsümiň guramaçylykly geçirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bugdaý oragynda ähli düzümleriň bökdençsiz we sazlaşykly işledilmegi, gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň depginleriniň güýçlendirilmegi babatda häkimlere degişli tabşyryklar berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurtda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli welaýatlarda geçiriljek dürli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy.

Iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutany hemmeleri Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň