Turkmenportal logo
05.06.23
3625336253
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

5-nji iýunynda Tbiliside ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň dördünji mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň wekiliýetiniň başlygy, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň türkmen böleginiň başlygy B.Goçmollaýew bilen Gruziýanyň Premýer-ministri I.Garibaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.


Taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň işjeň ösüşini, şeýle hem abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini kanagatlanma bilen bellediler.


Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, şol sanda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ähmiýetini, söwda dolanşygyny, senagat, ulag, ýangyç-energetika ugurlarynda özara hereketleri ösdürmek boýunça maslahatlaşdylar.


Duşuşyga gatnaşyjylar söwda we ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi, yzygiderli geçirilýän we giňişleýin soraglary öz içine alýan ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň mejlislerine möhüm orun berilýändigini bellediler.


Taraplar däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary birek-birege ynanyşmak, hormat goýmak we birek-biregiň bähbitlerine nazara almak esasynda hereket edýän strategiki hyzmatdaşlygy iki ýurduň gülläp ösmegi üçin söwda we ykdysady gatnaşyklaryň hil taýdan ýokarlanmagynyň kepili bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.