Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda rus filmleriniň we animasiýalarynyň hepdeligi geçiriler

17:1905.06.2023
0
22990

9 — 14-nji iýun günlerinde Aşgabatda rus filmleriniň we animasiýalarynyň hepdeligi geçiriler. Bu barada «Orient» Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň birinji sekretary Ýuliýa Zaýsewa salgylanyp habar berdi.

Görkezişler iki ýerde: «Aşgabat» we «Berkarar» kinoteatrlarynda geçiriler. Meýilnama rus kinorežissýorlarynyň täze filmlerini öz içine alýar.

Olaryň arasynda «Çeburaşka», «Jadygöýler» we beýlekiler bar. Şeýle hem 11-nji iýunda Russiýa güni mynasybetli konsert geçirmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň