Turkmenportal logo
05.06.23
1511015110
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Mejlisi Türkiýe we Azerbaýjan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygy tassyklady
Türkmenistanyň Mejlisi Türkiýe we Azerbaýjan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygy tassyklady

Şenbe güni geçirilen Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň ikinji maslahatynda «Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu barada TDH habar berdi.


Üçtaraplaýyn Ylalaşygyň esasy maksady taraplaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdan, özara bähbitlilik esasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekden we güýçlendirmekden, şol sanda harytlaryňdyr hyzmatlaryň söwdasy, energetika pudagy, oba hojalygy, azyk senagaty, himiýa senagaty, ulag-logistika we beýleki ugurlarda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.


Türkmenistanyň bu resminamany tassyklamagy ýurdumyzyň Azerbaýjan hem-de Türkiýe bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň hukuk binýadynyň üstüni ýetirip, özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmaga, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam eder diýip, TDH belleýär.


Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek hakyndaky Ylalaşyga 2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda gol çekilipdi.


Ozal habar berşimiz ýaly, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Prezidentleri hem şu Ylalaşyga gol çekipdiler.

Türkmenistanyň Mejlisi Türkiýe we Azerbaýjan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygy tassyklady | Turkmenportal.com