Soňky habarlar

Arhiw

«Bringeat.online» biznes-lanç sargyt konstruktory gündelik naharlaryň köpdürli görnüşini hödürleýär

13:3805.06.2023
0
27259

«Bringeat.online» korporatiw naharlanmagy guramagyň internet meýdançasy Aşgabatdaky köpçülikleýin nahar taýýarlaýjylaryň we eltip berijileriň biznes-lançlaryny hödürleýär.

Oňaýly görnüşdäki bu konstruktoryň kömegi bilen «Bringeat.online» saýtynda bary-ýogy birnäçe düwmä basmak bilen her günüň üçin özbaşdak günortanlyk naharyny — birinji we ikinji naharlary, şeýle-de işdäaçary we içgini saýlap jemlemek bolýar. Hepdäniň duşenbe — anna günleri aralygynda her gün üçin aýratyn naharlaryň mysaly sanawy düzülen (her nahardan iki görnüş), bu bolsa islendik bir kärhananyň ýa-da guramanyň işgärleri üçin nahar saýlamakda olaryň köp görnüşli bolmagyna mümkinçilik berýär. Bu meselede kaloriýaly hem-de berhiz naharyny saýlap alyp bolýar.

Taýýarlanan naharlar sargyt edijiniň salgysyna bellenen wagtda gyzgyny bilen eltilip berilýär. «Bringeat.online» naharlaryň tagamyny we hilini hemişe üns merkezinde saklaýar. Kärhana diňe köpçülikleýin isleg bildirilýän öndürijileri saýlap alýar.

Her gün üçin tagamnama sargyt etmek hasaba alynmakdan soň ýerine ýetirilýär. Saýtda şahsy hasabyň arkaly sargyt eden naharyňy yzarlamak mümkindir. Edilen sargytlaryň hasabynyň ulgamynyň düşnükli bolmagy kompaniýalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylary üçin nahara edýän çykdajylaryny hasaplamaga mümkinçilik berýär.

«Bringeat.online» saýtynda taýýar görnüşdäki naharlardan başga-da, doňdurylan ýarym fabrikatlary sargyt etmek göz öňüne tutulandyr.

«Bringeat.online» biznes-lanç sargyt konstruktorynyň habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 75 44 80, (+993 64) 92 74 22.

Elektron poçta salgysy: info@arassanusga.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň