Soňky habarlar

Arhiw

Tennis boýunça Merkezi Aziýanyň sebitleýin ýaryşynyň açylyş dabarasy boldy

12:1805.06.2023
0
27081

Şu gün Olimpiýa şäherçesindäki Tennis toplumynda 12 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Merkezi Aziýanyň sebitleýin ýaryşyna badalga berildi. Ir bilen bu toplumda ýaryşyň açylyş dabarasy boldy.

Dabarany we ýaryşy Halkara hem-de Türkmenistanyň Tennis federasiýalarynyň wekilleri açyk diýip yglan etdiler. Şondan soň dabara aýdym-sazly çykyşlara beslendi.

Ýaryşyň açylyş dabarasyna we onuň özüne Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistan, Özbegistandan we Owganystandan wekiller gatnaşýar.

Şu gün başlanýan sebit ýaryşy 9-njy iýuna çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň