Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Gonkongyň telekeçileri daşary ýurt puluna «Türkmennebit» döwlet konserniniň tehnologik enjamlarynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Türkiýäniň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 kysymly awtoulag benzinini, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Mundan başga-da, Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine daşary ýurt puluna ýorgan-düşek daşlyklary, nah mata we nah ýüplük, tüýjümek, dokma we jins önümleri ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy
ABŞ-nyň 131 million 657 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurduň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 239 müň manatdan gowrak bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy satyn aldylar.