Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen tennisçileriniň Merkezi Aziýanyň birinjiligindäki ilkinji garşydaşlary mälim boldy

08:0005.06.2023
0
14492

Şu gün Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde 12 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatyna badalga berildi. Ozal hem habar berşimiz ýaly, düýn sebit ýaryşynyň bijeleri çekildi.

Bije çekişligiň netijesine görä, türkmenistanly ýaş tennisçiler ilkinji duşuşyklaryny Gyrgyzystanyň wekilleri bilen geçirmeli boldular.

Şeýle hem ilkinji duşuşyklarda gazagystanly türgenler owganystanly, özbegistanly türgenler bolsa täjigistanly ýaşlaryň garşydaşlary bolarlar.

Şu gün ― 5-nji iýunda başlanan sebit ýaryşy 9-njy iýunda tamamlanar.

Türkmenistanly ýetginjekler Merkezi Aziýanyň birinjiligine ikinji gezek gatnaşýarlar. Olar 2019-njy ýylda Aşgabatda geçirilen ýaryşda bürünç medala mynasyp bolupdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň