Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ilçihanasy Buharestde welosipedli ýöriş gurady

15:2504.06.2023
0
24679

3-nji iýunda Türkmenistanyň Buharest şäherindäki ilçihanasy tarapyndan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosipedli ýöriş geçirildi. «Patyşa Muhaý I» seýilgähinde geçirilen bu sport çäresi Buharest şäheriniň häkimliginiň hem-de «Ýaşyl öwrülişik» assosiasiýasynyň goldaw bermeginde guraldy. Welosipedli ýörişe Rumyniýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, wekilleri hem-de olaryň maşgala agzalary, Türkmenistanyň bu ýurtdaky raýatlary we Rumyniýada bilim alýan türkmenistanly talyp ýaşlar gatnaşdylar diýip, ilçihananyň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň Rumyniýadaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy dabaranyň açylyşynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan sport diplomatiýasynyň parahatçylygy we hoşniýetli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegiň, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmegiň hem-de ekologiki medeniýeti kemala getirmegiň ýaş nesilleri terbiýelemekde möhüm ornunyň bardygy nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň