Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Ermenistanda guralan medeniýet günleri tamamlandy

09:4903.06.2023
0
26158

Artaşat şäherinde Ermenistan Respublikasyndaky Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy.

Çäräniň soňky gününde, Artaşat şäheriniň Amo Harazýan adyndaky Döwlet drama teatrynyň sahnasynda, medeniýet günlerine gatnaşýan döredijilik toparlary bilelikde konsert berdiler. Konsertdir bilelikdäki çykyşlar iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň, medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagynyň we ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň aýdyň subutnamasy boldy. Türkmen sungat ussatlary halk döredijiligini we häzirki zaman eserlerini görkezdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Şeýle hem Ýerewan Döwlet uniwersitetinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyna bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi.

Ermenistanyň ylmy we medeniýet pudagynyň wekillerine 2024-nji ýylda belleniljek Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda bolup geçýän çäreler, şol sanda bu şanly senä bagyşlanan halkara ylmy forumlar barada jikme-jik maglumat berildi we olara gatnaşmak üçin ermeni kärdeşleri çagyryldy. Ýerewan Döwlet uniwersitetiniň gündogarşynaslary hem öz gezeginde Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli çärelere taýýarlyk işleri barada gürrüň berdiler. Şeýle hem, maslahatyň çäginde meşhur şahyr-terjimeçi Waružan Hasturyň türkmen şahyrynyň ermeni diline terjime eden goşgulary diňlenildi.

Ýerewan muzeýinde häzirki döwürdäki türkmen halkynyň taryhyna we gazanan üstünliklerine, özboluşly däp-dessurlaryna we senetçilik sungatyna bagyşlanan serginiň guralmagy medeniýet günleriniň çäginde bolup geçen çärelere aýratyn ähmiýet berdi.

Ýerewandaky Komitas konserwatoriýasynda Ermenistanyň we Türkmenistanyň iki sany degişli ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň duşuşygy aýratyn gyzyklanma döretdi.

Bu döredijilik çäreleri bilen bir hatarda, türkmen kinematografçylary Ýerewanyň halky üçin Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli surata düşürilen «Istärin» filmini görkezdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň