Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenilýär

09:0003.06.2023
0
26030

Şu gün Türkmenistanda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni giňden bellenilýär.

Milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi.

Sagdynlyk, raýdaşlyk, dostluk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň ähmiýetini açyp görkezýän bu halkara baýram parahatçylygyň ilçisi, özara ynanyşmak we düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň nyşany hökmünde sporty giňden wagyz etmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Şu gün Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişleri hem geçirilýär. Ozal köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçirilýändigi sebäpli 3-nji iýunda günüň birinji ýarymynda Aşgabadyň dört köçesinde ulaglaryň hereketleri bölekleýin togtadyljakdygy barada habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň