Turkmenportal logo
02.06.23
2413424134
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen diplomaty NEXI-niň Ýerine ýetirji direktory bilen duşuşdy
Türkmen diplomaty NEXI-niň Ýerine ýetirji direktory bilen duşuşdy

Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramowyň Ýaponiýanyň Eksporty we maýa goýumy ätiýaçlandyryş agentliginiň (NEXI) Ýerine ýetirji direktory we baş dolandyryjysy H.Urata bilen duşuşygy geçirildi.


1-nji iýunda bolan duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen NEXI agentliginiň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.


Hususan-da, taraplar ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän taslamalara NEXI ätiýaçlandyryş agentliginiň gatnaşmak mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.


Şunuň bilen baglylykda, ýapon tarapy NEXI agentliginiň ýolbaşçylarynyň ýakynda Türkmenistana amala aşyran saparynyň örän netijeli bolandygy barada belledi.