Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň wekiliýeti 19-njy Bütindünýä Meteorologiýa Gurultaýyna gatnaşdy

19:0002.06.2023
0
24149
Türkmenistanyň wekiliýeti 19-njy Bütindünýä Meteorologiýa Gurultaýyna gatnaşdy
Surat: turkmenistanmission_unog

Ilçi Atageldi Haljanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ženewada geçirilen 19-njy Bütindünýä Meteorologiýa Gurultaýyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň Şweýsariýadaky diplomatik wekilhanasy habar berýär.

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň ähli agza ýurtlaryny bir ýere jemlän sessiýada täze adamlar saýlandy we agzalygyna 193 döwlet girýän bu halkara gurluşda möhüm wezipelere bellendi.

Ses berişligiň netijesinde guramanyň baş sekretary wezipesine Argentinanyň wekili Andrea Seleste Saulo, guramanyň prezidenti wezipesine bolsa Birleşen Arap Emirlikleriniň wekili Abdulla Ahmed Al-Mandus saýlandy.

Belläp geçsek, gurultaýyň esasy maksady 2030-njy ýyla çenli adatdan daşary howa şertleriniň, howanyň üýtgemeginiň we beýleki faktorlaryň sosial-ykdysady netijelerine ýurtlaryň durnuklylygyny gazanmakdan ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň