Arhiw

ÝB Merkezi Aziýa döwletlerine 40 göterim maýa goýýar

18:0602.06.2023
0
26073

Merkezi Aziýa döwletlerine goýlan daşary ýurt maýa goýumlarynyň 40 göterimi Ýewropa Bileleşiginiň paýyna düşýär. Bu barada ÝB-niň Prezidenti Şarl Mişel şu gün Gyrgyzystanyň Çolpan ata şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki duşuşykda eden çykyşynda mälim etdi.

ÝB-niň Baştutany: «Biz Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýäris» diýip bellemek bilen, köptaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, hususan-da, syýasy garaýyşlarda özara düşünişmegi ýokarlandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle-de ol Ýewropanyň Maýa goýum bankyngň Merkezi Aziýa sebitindäki ykdysady ösüşiň depginini çaltlandyrmak hem-de sebitiň ýurtlarynyň ulag-logistika infrastrukturasyny gowulandyrmak üçin goldaw bermäge işjeň gatnaşýandygyny we mundan beýläk hem degişli ugurlarda maliýe kömegi bilen üpjün etmäge taýýardygyny sözüniň üstüne goşdy. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletlerine goýlan daşary ýurt maýa goýumlarynyň 40 göteriminiň ÝB-niň paýyna düşýändigi nygtaldy.

Mundan başga-da, Şarl Mişel Merkezi Aziýa döwletleriniň Ýewropa Bileleşigine Owganystandaky ýagdaýlary kadalaşdyrmak bilen bagly esasy ugurlary kesgitlemekde ýardam edendiklerini belläp, ÝB-niň sebitiň ýurtlaryna serhetleriň howpsuzlyk mehanizmini pugtalandyrmakda degişli goldawlary dowam etdirmäge taýýardygyny mälim etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň