Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Bilim nokady» bilim merkezi tomusky okuw sapaklarynda arzanladyşdan peýdalanmagy teklip edýär

17:2302.06.2023
0
50021

Aşgabatdaky «Bilim nokady» bilim merkezi ähli isleg bildirýänleri daşary ýurt dillerini, kompýuter sowatlylygyny, şeýle hem mekdep maksatnamasyndaky tebigy ylymlary öwrenmek boýunça okuwlara çagyrýar.

Tomusky dynç alyş möwsüminiň başlamagy bilen Bilim nokadynda şu aşakdaky ugurlar boýunça okuwlara kabul edişlik açykdyr (kabul edişlik 12 ýaşdan başlanýar):

  • programmirlemek;
  • Adobe Photoshop, Illustrator, Auto Cad, 3D Max;
  • Iňlis dili, SAT, TOEFL, IELTS synaglaryna taýýarlyk;
  • hytaý dili;
  • nemes dili;
  • matematika;
  • himiýa;
  • biologiýa.

Şeýle hem 6 ýaşdan çagalar üçin okuwlara kabul edişlik açyldy:

  • mental arifmetika;
  • iňlis dili;
  • rus dili;
  • matematika;
  • kompýuter sowatlylygy;
  • robot tehnikasy.

5-nji iýuna çenli okuwlara ýazylanlaryň ählisine 10%, 6-njy iýundan 12-nji iýuna çenli aralykda ýazylanlara 5% arzanladyş berilýär.

«Bilim nokady» bilim merkezinde tomusky sapaklar 12-nji iýunda başlanýar.

«Bilim nokady» geçen ýylyň güýzünde açyldy. Bu ýerde iňlis dilini, programmirlemegiň we grafiki dizaýnyň esaslaryny ýaly biziň döwrümizde talap edilýän ugurlar boýunça bilimleriňi artdyrmak ýa-da «noldan» öwrenip başlamak mümkindir. Matematika, himiýa we biologiýa hem häzirki zaman ýokary hilli bilimiň bir bölegidir, çünki olar, köplenç, köp sanly abraýly okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna goşulýar. Mental arifmetika okuwçylara ýadyny, logiki we döredijilikli pikirlenişini kämilleşdirmäge, maglumatlary gaýtadan işlemegiň tizligini ýokarlandyrmaga kömek eder.

«Bilim nokady» bilim merkeziniň ýerleşýän salgysy: Aşgabat Ankara köç., 21, «Rysgal» bankynyň binasy, «B» blok, 6-njy gat.

Goşmaça maglumat üçin telefonlar: (+993 61) 01 69 68, (+993 12) 96 49 53. Sosial ulgamdaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň