Soňky habarlar

Arhiw

Er-Riýadda Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky ilçihanasy tarapyndan weloýöriş guraldy

16:5502.06.2023
0
26099

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçihanasy Er-Riýad şäherinde köpçülikleýin welosipedli ýöriş gurady. Iýun aýynyň ilkinji gününde geçirilen bu çäre Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyldy.

Türkmen diplomatik edarasynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, welosipedli ýörişe öz maşgalalary bilen ilçihananyň işgärleri, şeýle hem Saud Arabystanyndaky türkmenler gatnaşdylar.

Bütindünýä welosiped güni Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda döredildi we her ýyl 3-nji iýunda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň