Soňky habarlar

Arhiw

Amsterdamly inžener obýektiwsiz fotokamera döretdi

12:0302.06.2023
0
22111

Amsterdamly inžener Býorn Karmann oýbektiwsiz we matrisasyz foto surata düşürilýän enjam döretdi. Enjam şekili ýerleşýän ýeri, wagty, howa maglumaty hem-de howanyň temperaturasy baradaky tekstde suratlandyrmak esasynda eýroulgam arkaly generirleýär diýip, «MIR 24» habar berýär.

«Paragraphica» atly kamera adaty fotoapparata meňzeş, emma onuň obýektiwiň ornunda gyzyl reňkli dekoratiw gurluş bar.

Enjamyň ýokary böleginde üç sany aýlaw tutawaçlary bar. Olaryň kömegi bilen surata alynýan zadyň radiusyny bermek mümkin, neýroulgam ýokarda getirilen maglumatlaryň kömegi bilen ahyrky şekili döredýär.

Şekiliň generasiýasy aýratyn düwmä basmak bilen gazanylýar. Jemleýji fotosurat sensor ekranda görünýär diýip, «N+1» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň