Turkmenportal logo
02.06.23
3695036950
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Serjio Mattarellany gutlady
Serdar Berdimuhamedow Serjio Mattarellany gutlady Surat: сomunitadiconnessioni.org

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella Italiýanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.


Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Serjio Mattarella berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Italiýa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.