Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdan Almaty şäherine uçar petekleriniň bahasy belli boldy

11:3202.06.2023
0
72278

Ozal habar berşimiz ýaly, «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2-nji iýundan Aşgabat — Almaty — Aşgabat ugry boýunça göni uçuşlary gaýtadan ýola goýdy

www.turkmenistanairlines.tm web sahypasynda berilýän habara görä, Türkmenistanda awiapetekleri satyn alanyňyzda Aşgabat — Almaty ugry boýunça bir taraplaýyn uçuşyň bahasy 3587,5 TMT bolar.

Bu ugurdaky uçuşlar hepdede bir gezek, anna günleri amala aşyrylar. Uçuş wagty takmynan 2,5 sagat bolar.

Aşgabatdan Almaty şäherine awiapetekleri www.turkmenistanairlines.tm web sahypasynda «Altyn Asyr» ulgamynyň bank kartalaryny ulanyp satyn alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň